Hazar Deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiya kabul edildi

Düýn Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentleri Hazarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň hukuk kadalaryny berkidýän taryhy, binýatlaýyn resminama — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekdiler.

Şeýle hem Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky Ylalaşyga, Hazar deňzinde terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky Ylalaşyga, Hazar deňzinde guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnama; Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda Ylalaşyga; Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda Ylalaşyga; Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky Ylalaşyga hem-de Serhet edaralarynyň hyzmatdaşlyk we arkalaşykly hereket etmegi hakyndaky Teswirnama gol çekildi.

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti boýunça degişli Maglumat hem kabul edildi.

Şeýlelikde, ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk Hazar sebitiniň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze eýýamy alamatlandyrýan hakyky öňegidişlige beslendi hem-de bäştaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze kuwwatly itergi berdi.

 

Çeşme:  Migration.gov.tm

Pikiriňiz?