Türkmen kikboksingçiler bäş medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Antalýada (Türkiýe) geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş edip, jemi bäş medala — iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy

Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Türkiýäniň Antalýa welaýatynda geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşikde jemi bäş medala — iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy.

«K-1» görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Pygy Sylabow (60 kilograma çenli agram derejede) çempion boldy.

«Full-kontakt» görnüşinde biziň türgenlerimiz dört medala mynasyp boldular. Şunda Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni Goçmyrat Jumanyýazow 75 kilograma çenli agram derejede altyn medaly eýeledi.

Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň agzasy Ýazberdi Paýanow (57 kilograma çenli) kümüş medaly eýeledi.

Döwlet çeperçilik akademiýasy talyby Akmyrat Akyýew (67 kilograma çenli), Döwletmämmet Azady institutyna wekilçilik edýän Muhammet Gurbanow (81 kilograma çenli) üçünji orunlara çykdylar.

Türkiýede her ýyl geçirilýän kikboksing Halkara kubogynda Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan iki müňden gowrak türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşýärler.

Geçen ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem biziň ildeşlerimiziň bäşisi abraýly dünýä sport ýaryşlarynyň ýeňijileri bolmak bilen, «Durnuklylyk ussatlygyň alamatydyr» diýen hakykaty tassykladylar.

TDH

Pikiriňiz?