GÜNEŞLİ ÜLKE TÜRKMENİSTAN

Türkmenistan Merkezi Aziýada ýerleşmek bilen birlikde onuň demirgazygynda Gazakystan, demirgazyk ve demirgazyk gündogarynda Özbekistan, günorta gündogarda Owganystan, günortada Eýran ve Günbatarda bolsa Hazar deňzi alýar. Tutýan meýdany boýunça   491.210 km2 eýeleýan Türkmenistanyň 6 milliondan köp ilaty bar ve onun 90 göterimini Türkmenler, galan 5 göterimi bolsa Ruslardan duryar. Ýurtda resmi dil türkmençe bolmak bilen birlikde rusça we özbekçede gürleşilyar. Türkmenistanyň ilatynyň ýarsyndan köpüsi obalarda, galan böleği bolsa şäherlerde ýaşaýarlar. Paýtagty Aşgabat bolan Türkmenistan bäş welaýata bölünendir: Ahal, Balkan, Daşoguz; Lebap ve Mary.

Türkmen halkynyň asyrlar boýy süren arzuwy

Garaşsyz döwlet gurmak türkmen halkynyň asyrlar boýy süren arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde amala aşdy. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry Türkmenleriň taryhyna altyn harplar bilen ýazyly. Türkmenistanyň Konstitutiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi we onun birinji maddasynda Türkmenistan demokratik, dünýewi we hukuk döwleti diýilip beýan edildi. Munuň bilen birlikde Türkmenistan Prezident Respublikasy görnüşünde ýöredilyär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny tanaýan ilkinji ülke ve ilçihana açan döwlet Türkiýedir ve ona garşylyk  Türkiýe hem Türkmenistanda ilkinji gezek ilçihanasyny açdy. Mundan başgada Türkiýe bilen dostlukly gatnaşyklar yola goýuldy.

Garaşsyzlygyny gazanandan soňra Türkmenistan uly depgin bilen ösmäge başlady. Beýleki türk ülkelerinde görşümiz ýaly Türkiýe, Türkmen okuwçylaryna türk uniwersitetlerde okamaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistan dünýä medeniýetinde

Türkmenistan bu günki günümizde boluşy ýaly geçmişde-de dünýä medeniýetine wajyp goşantlar goşandyr. Taryhy çeşmelerin habar bermegine görä Änew, Altyndepe, Marguş, Parfiýa ve Ürgenç Türkmen döwletleri gurulypdyr we şol döwrüň syýasyýetine, ykdysadyýetine we medeniýetine uly goşant goşupdyr.Türtkmenleriň erkinlik duýgularyny Azady, Magtymguly, Bayram han we Ahmet Ýasawy yaly akyldarlaryň eserlerinde öz ornuny tapýar. Magtymguly bir goşgusynda ‘’Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz’’ diymek bilen bäşimiz bir döwlete hyzmat etsek döwledin güýçli boljagyny we ýykylmajagyny ündeýär.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan sonra beýleki ýurtlar bilen parahatçylykly ýaşamagyny yglan etdi ve 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplygy yglan edildi.

Taryhda Ýüpek ýolunda möhüm çatrygy  bolan Türkmenistanyň bu aýratynlygyny öňe çykarmak üçin döwletiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2018-nji ýyly ’’Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň Ýüregi’’ diýip yglan etdi. Munuň bilen birlikde Hormatly Gurbaguly Berdimuhamedow , ‘’Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň Ýüregi’’ atly kitabyny ýazdy. Şeýlede, Aşgabat şäherinde geçirilen, Aziýa ülkelerinden ýüzlerçe sportsmenleriň gatnaşdygy ‘’Aziya sport Oýunlary’’ Türkmen halky üçin ýatdan çykmajak waka boldy.

Dünýä medeniýetine wajyp  goşantlar goşan Türkmenler, Türkmen halysyny, Bedew (Ahal teke)  atlaryny, şaý- seplerini, egin-eşiklerini, Ak bugdaýyny, saryja goýunlaryny ynsanlyga sowgat etdi.

Türmenistan ýeralty baýlyklaryna baý bir ülke bolmak bilen birlikde onuň topraklarynda köp mukdarda tebigy gaz we nebit bar. Eksport önümlerine bolsa tebigy gaz, işlenen we arassalanan nebit, pagta ýüpegi, tekstil, elektrik energiýasy, elde dokalan haly we pagta yagydyr. Ýurtda İň möhüm ekerançylyk önümi bolsa pagtadyr.

Taryhy Ýüpek ýyolunyň ugrunda ýerleşen bir şäher  Merw, Beýik Seljukly döwletine paýtagtlyk edipdir. Seljukly soltanlaryndan Sanjaryň mazary Türkmenistanyň topraklary, Merwde ýerleşyär.

 

Ogultumar Hezretkuliýewa

 

Turkmenhabarlar.com

 

Pikiriňiz?