Gowy KAKA bolmany kimden öwrenmeli?

Gowy KAKA bolmany kimden öwrenmeli – Ýoldaşymam, menem türkmen. Ýakynda çagamyz boldy. Çaganyň pampersini kim çalyşmaly, aglasa kim götermeli, haýsymyz iýdirip-içirmeli diýen soraglar bizde bolmaýar. Çagamyz çemçe bilen iýip-içip ugranda, ýoldaşym ony höwes bilen iýmitlendirip başlady.

Çaga emzige (soska) öwrenişendä hasam hezillik boldy, çünki indi ony kakasy hem ýatyryp bilýärdi. Kakamyz biz bilen çaganyň sanjymlaryny etdirmäge, ultrases barlagyndan (УЗИ) geçirtmäge gidýär, derman satyn alyp içirýär, çaganyň irki ösüşi baradaky kitaplary okaýar, men işdekäm onuň bilen öýde galýar.

Biziň ejelerimiz weli muňa düşünmeýär. Meniň ýoldaşym pampersi çalyşmaly wagtyny, çagany gorşoga oturtmaly wagtyny, şeýle hem ony iýdirip-içirmeli wagtyny bilýär. Enelerimize ýa mamalarymyza myhmançylyga gidenimizde hem ýoldaşym bu zatlary edýär. Ejelerimiz bolsa geň galyşyp, maňa: “Goýaweri!” diýişýärler-de, çagany kakasynyň elinden alýarlar.

Türkmenistanda kakalaryň öz çagalary bilen gyzyklanmaklary, olar bilen bilelikde wagt geçirmekleri üçin örän az mümkinçilik bar. BMG-nyň 2016-njy ýylda geçiren Köp Görkezijiler boýunça sorag-jogap işine görä (MICS) , irki döwürde çagalarynyň alýan bilim-terbiýesi bilen erkekleriň bary-ýogy 15%-i gyzyklanýar.

Düşünjeler

Gynansak-da, biziň jemgyýetimizde ejeler, daýzalar, gelinler, aýal doganlar we beýleki aýal-gyzlar çagalaryny öz jogapkärçiligine alyp, “kakalar çaga seretmäni oňarmaz” diýäýýärler. Nämemiş? Ol erkek adamyň işi dälmiş. Kaka ata bolanda, agtygy bilen aýlaň-çaýlaň edip, oturyp-turup bilýär-de, ejesi başga bir iş bilen başagaý wagty, onuň ýerine çagany iýmitlendirip, ýuwundyryp we sapaga taýýarlanmaga kömek edip bilmezmi?!

Şeýlelikde, maşgalada hiç bir erkek adam çaganyň ýokary hilde terbiýelenmeginde hiç hili orny eýeläp bilmeýär. Netijede, çagada kakasy hakynda şeýle pikir döreýär: kakam diňe pul gazanýar, meniň bilen juda seýrek gyzyklanýar. Galan hemme zady eje edýär. Bu meselede sen türkmen bol, rus bol, koreý bol, gazak bol, tapawudy ýok.

Köne nesil “erkek adam işlemeli, aýal maşgala öýde oturmaly” diýen düşünjä gulluk edýär. Meniň pikirimçe, bular sowuk uruş, ýetmezçilikler we üýtgedip gurmak ýaly meseleleriň dörän asyrynyň galyndylary bolmaly. Häzir bolsa, eje bilen kaka öýde oturman, deň hatarda edara-ofislerde ýa-da zawod-fabriklerde işleýärler.

Iş ýerinde aýal bilen erkegiň jogapkärçilikleri deň bolsa-da, öýüň işlerini hiç kim öz aralarynda paýlaşmaýar. Munuň netijesinde, aýal maşgala öýde artykmaç işleýär, onuň boş wagty az bolýar, pul gazanmak bolsa erkege galýar. Tanyş ýagdaý, şeýle dälmi?

Gowy KAKA bolmany kimden öwrenmeli?
Gowy kaka bolmany kimden öwrenmeli?

Bilýäňizmi, Gyrgyzystanda aýallar öýüň işlerine erkeklere garanda üç esse artykmaç wagt sarp edýärler. 4.5 sagat nire, 1.5 sagat nire?! Şol bir wagtyň özünde-de, işleýän erkekleriň göterimi (70%) aýallaryňka (50%-den az) garanda juda ýokary, ýöne erkekleriň boş wagty aýallaryňkydan kän. Olar boş wagtlarynda sport zala gidýärler, kursa gatnaýarlar. Aýallary bolsa öýüň işlerini etmek üçin öýe howlugýarlar.

Has köp aýal maşgala işleýäni we dekretden soň derrew işe çykýany sebäpli, biziň häzirki ýagdaýymyzyň we düşünjämiziň üýtgejekdigine ynanýaryn. Häzirki döwürde maşgalalaryň ykdysady ýagdaýynyň gowy bolmagy üçin ene-atanyň ikisiniňem işlemegi zerur bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, ýaş kakalaryň köpüsi öz çagalary bilen gyzykly wagt geçirmek isleýärler we mundan utanmaýarlar.

Men öz çagam bilen çagalar bagynda aýlanyp ýörkäm, diňe ejeleri däl, kakalary hem görýärin. Hatda kämahal ýany iki-üç sany çagaly kakalary hem görmek bolýar. Meni we ýoldaşymy bu ýagdaý juda begendirýär. Hemme zady erkekleriňki, aýallaryňky diýip bölmegi bes etmegiň wagty gelip ýetdi. Çaga ene-atasynyň arasynda hiç hili tapawut görmeýär we ikisini-de deň derejede söýýär. Köne nesil ene-atalaryň çagalary bilen bile wagt geçirip, olaryň terbiýesinde deň orny eýelemeklerine päsgel bermeli däl.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pozisiýasy Saglyk redaksiýasynyň pozisiýasyny suratlandyrmaýar.

Çeşme: Saglyk.org

Awtor: Aýperi Süleýmanowa

Terjime eden: Jumadurdy Rejebow

Pikiriňiz?