GORAG ÜÇIN HAS ÝITI GÖZLER

Serhetde we kenarýakalarda gijelerine ýa-da howa şertlerine baglylykda görüşiň peselen ýagdaýlarynda gözegçilik kynlaşýar.

Şu nukdaýnazardan «CONTROP Precision Technologies» kompaniýasy tarapyndan işläp düzülen täze «SPEED ER» sistemalary gijelerine ýa-da görüşiň peselen ýagdaýlarynda ýokary kesgitlilikde serhedi we kenarýakalary uzak aralykdan goramak üçin niýetlenendir.

Enjam iki sany wideo kamerasy, bir sany giň meýdan görüjisi, iki sany orta tolkunly we gysga tolkunly infrared termal kameralaryndan emele gelýär. Bu aýratyn häsiýetli kameralaryň birleşmegi, ähli şertlerde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik döredýär.

Mundan başga-da, enjam güýçli teleskoplary bilen 40 kilometrden hem uzagy görmäge mümkinçilik berýär. Enjama gijesine hem-de ähli howa şertlerinde görmek üçin 1,400 mm linzaly termal kamera we 2,500 mm teleskop ýerleşdirilen.

Milli Goşun

Pikiriňiz?