Gimalaýdaky buzlar çalt eremäge başlady

Gimalaýdaky buzlar çalt eremäge başlady. Gimalaý daglaryndaky buzlaryň eremek tizligi, geçen 25 ýyllyk etaba ser salynanda 2000-nji ýyldan bäri 2 essä çykandygy mälim edildi

BBC-niň berýän habaryna görä alymlar, Gimalaý daglaryndaky buzlaryň eremegi bilen bagly 1975-2000-nji ýyllar bilen 2000-2016-njy ýyllara aralygynda ýagny 40 ýyldan gowrak wagtda geçiren derňewleri bilen buz ýitgileriniň ululygyny ýüze çykardylar. 

Alymlar 1975-2000-nji ýyllar aralygynda her ýyl ortaça 4 milliard tonna buzyň erändigini kesgitledi. Buzlaryň eremek tizliginiň 2000-2026-njy ýyllar aralygynda bolsa 2 esse artyp, her ýyl ortaça 8 milliard tonna bolandygyny anykladylar. 

Ylmy-derňewler 2000-nji ýyldan bäri her ýyl Gimalaýdaky buzlar beýikliginiň ýylda ortaça 0,5 metr azalandygyny görkezdi.

Ylmy- derňew “Science Advances” žurnalynda çap edildi. 

TRT

Pikiriňiz?