Germaniýa döwletine talyp wizasy almak hakynda

Salam gadyrdan ildeşler! Bu günki makalamda size Germaniýa döwletine talyp wizasy almak hakynda agzap geçmekçi. Wiza diýlen zat dünýäde iň ýürek-gysdyryjy zatlaryň biri bolmak bilen çäklenmän, eýse artykmaç wagt, energiýa we pul sarp edýän öwrümleriň biridir. Ýöne gynansakda, öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin arasynda bular ýaly böwetlerden hem geçmeli bolýarys. Onda näme, başlalyňmy?!

1. Admission Letter

Ilki bilen etmeli zadyňyz okuwdan kabul haty almak (admission letter). Onsoň, okuwa kabul edilendigiňiz baradaky resminamaňyzy alan badyňyza göni nemes ilçihanasyna ylgaň. (Gije sagat 12-de alan bolsaňyz, ilçihanaň gapysynda gögerip azara galmaň, işgärleri aýaklaryny uzadyp ýatandyrlar ol wagt). Resminamaň asyl nusgasyny görkezmek zerurlygy ýok, şol sebäpden email-iňize gelen pdf formatyndaky dokumenti görkezip bilersiňiz. Başga-da näme dokument gerek diýip gyzyklanýan bolsaňyz…

2. Application Form

Ilçihanadan arza (appliсation form”) alyp, maglumatlaryňyzy doldurmaly. Arzany wagtyňyzyň biderek ýitmezligi üçin, nemes ilçihanasynyň web sahypasyndan hem ýükläp bilersiňiz.

3. Saglyk ätiýaçlandyryş kagyzy

Indiki gerek zadymyz saglyk ätiýaçlandyryş kagyzy. Germaniýada okajak bolsaňyz, ätiýaçlandyrmany hökmany suratda almaly. Ony hem wiza tabşyrmankaňyz onlaýn edip bilersiňiz. (Men özümiňkini iki günüň dowamynda açypdym). Ýokary okuw jaýyňyz haýsy şäherde ýerleşýän bolsa, şol ýerdäki ähli saglyk ätiýaçlandyrma şereketlerini internetden gözläň we olara göni açmak isleýänligiňiz barada email ugradyň.

Siziň olara diňe okuwa kabul edilendigiňiz hakyndaky dokument bilen passport kopiýaňyzy surat görnüşinde (sсan) edip ugratmagyňyz ýeterli. Ätiýaçlandyrmanyň möhletini diňe okuwyň başlaýan gününden başladyp bilersiňiz. Okuwa geleniňizden soň, şol şereketiň merkezine baryp, aktiwlaşdyryp bilersiňiz.

4. Ýaşajak ýeriňiz

Germaniýada ýaşajak ýeriňiz baradaky subutnama. Eger okuwyň umumy ýaşaýyş jaýynda galjak bolsaňyz, şolardan gelen haty görkezmeli bolar. Eger wiza tabşyrýan mahalyňyz, eliňizde hiç zat ýok bolsa, booking.com-dan galjak şäheriňizde bir hepdelik myhman otagy aýyrdyp, şony görkezip bilersiňiz. Bu hyzmatyň gowy tarapy, eger myhmanhanaňyzy mugt yzyna gaýtarma görnüşinde (free cancellation option) alan bolsaňyz, we wiza tabşyraňyzdan soň eger galmaga ýer tapan bolsaňyz, puluňyzyň şemala gitmezligi üçin petegiňizi yzyna gaýtaryp bilersiňiz.

5. Maddy ýagdaýyňyz

Makalanyň iň gyzykly ýerine geldik. Ol bolsa, Germaniýada okajak wagtyňyzdaky maddy ýagdaýyňyzy subut etmek. Türkmenistanyň raýatlary üçin muny subut etmegiň üç usuly bar:

A) Eger aýlyk 720 Ýewro çenli stipendiýaňyz bar bolsa, şony görkezip arkaýyn wiza alyp bilersiňiz. Eger stipendiýaňyz 400 Ýewro bolsa, üstüni dolduryp (320 Ýewro), bir ýyllyk umumy mukdaryny görkezmeli bolarsyňyz. Bu ýagdaýda 320 Ýewrony 12 aýa köpeldip, 3840 Ýewro goşmaça görkezmeli bolarsyňyz.

B) Eger hiç hili stipendiýaňyz ýok bolsa, onda siz 8640 Ýewrony nemes ýapyk bank hasabynda goýup, görkezmeli bolarsyňyz. Ilki bilen muny näme üçin soraýandygyny we 8640 Ýewro diýen mukdar nireden çykandygyny düşündireýin. Eger Germaniýada okajak bolsaňyz, bir talybyň aýakda durmagy üçin aýlyk 720 Ýewro gerek diýip hasaplapdyrlar. Ol mukdaryň içine siziň galjak ýeriňiziň tölegi, iýjek-işjegiňiz, sportuňyz, depder-galam, kino-teatr, hemmesini goşup, ortalyk çykaran mukdarlary bolup durýar.

Elbetde bu mukdaryň näçe boljagy siziň özüňize we ýaşaýyş stiliňize bagly. Ýagny, käbirleri 500 Ýewro ýaşap bilýän bolsa, başgalary 1000 Ýewro hem ýaşaýar. Indi ol mukdary 720 Ýewro 12 aýa köpeldip, 8640 Euro çykarýarys. Ýapyk hasap näme diýip sorap bilersiňiz we näme üçin ýönekeý bank hasap däl-de, ýapyk hasap? Nemes hökümeti siziň çyndan hem puluňyzyň bardygyny bilmek üçin, ýapyk hasapda goýmagyňyzy isleýär. Ady nähili gorkunç görünse-de, ýapyk hasap diýmegim bilen siz ol puly hiç elläp bilmersiňiz diýlen zat ýok.

Siz Germaniýa geleniňizden soň, her aý ýapyk hasabyň ujundan 720 Ýewro çekip bilersiňiz we şeýlelikde bir ýylyň dowamynda çekip gutararsyňyz. Ilkinji aýda hat-da göni 3 aýyň puluny hem berip bilerler, ýagny 2160 Ýewro we indiki aýlardan 720 çekmäge dowam edersiňiz. Ýapyk hasaby diňe bir ýyl üçin görkezýäňiz, ýagny indiki ýyllar üçin açmak mejbury däl. Germaniýada talyplar üçin ýapyk hasaby üç sany bank açyp berýär. Olar:

FINTIBA
DEUTSCHE BANK
X-PATRIO

Bularyň içinde meniň size maslahat berjegim we iň aňsady “Fintiba”nyň üsti bilen açmaklyk. Siz olara email ugradyp, iň giç bir hepdäň dowamynda hasabyňyzy açyp bilersiňiz. Hasaby açanlaryndan soň, bank size IBAN we SWIFT hasabyňyzy berer we nemes hasabyňyza online pul salyp bilersiňiz. Eger Türkmenistandan pul salyp bilmeseňiz, Türkiýede ýa-da Russiýada ýaşaýan/okaýan tanyşlaryňyza haýyş etmeli bolarsyňyz. Hasabyňyza doly pul geçeninden soň, nemes ilçihanasyna gidip hemme dokumentleriňizi tabşyryp bilersiňiz.

C) Finans ýagdaýyňyzy görkezmek üçin üçünji we iň aňsat usuly, Germaniýada ýaşaýan tanşyňyz bar bolsa (Germaniýaň raýaty bolmasa-da, işleýän ýa-da şereketi bar bolan islendik kişi), şolaryň öz ýaşaýan şäherindäki “Auslanderbehorde” (Foreign Authority) merkezine gidip, siziň aýlyk çykdaýjylaryňyzy öz boýnuma alýan diýip gol çekip gaýtmaly. Ony subut etmek üçin ol adam aýlyk mukdaryny görkezmeli bolar.

Eger öýlenmedik/durmuşa çykmadyk biri bolsa, onda ol adamyn iň az 2100 Ýewro mukdarynda aýlygy bolmaly. Eger öýlenen/durmuşa çykan biri bolsa, onda iň az 3000 Ýewro aýlygy bolmaly. Eger subut edip bilseler, edara olara rugsatnama berer. Ýöne gynansakda, nemes ilçihanasy ol dokumendiň asyl nusgasyny talap eder, şonuň üçin Germaniýadaky ýaşaýan tanyşyňyz poçtadan ugratmaly bolar. (Poçtanyň Türkmenistana gelmegi iki hepde töwerek wagt alar).

6. Uçuş ätiýaçlandyrmasy

Iň soňky gerek dokumendimiz uçuş ätiýaçlandyrmasy. Eger okuwyňyzyň başlaýan güni ýa-da Ýokardaky agzalyp geçilen dokumentleriň hemmesini çöpläp, arkaýyn wiza tabşyryp bilersiňiz. Wiza hyzmaty üçin hem 75 Ýewro ýada 90 USD töwereginde pul islärler. Şulary ýerine ýetirip, diňe garaşaýmak galýar. Germaniýada jemi 16 sany Ştat (Länder) bolup, haýsy birinde okajak bolsaňyz, şol ştatdakylar siziň wizaňyza karar bererler.

Muny aýtmak bilen, uly ştatlar bolan Berlin, Bavariya we Hamburg üçin 4 hepdeden 12 hepdäçenli garaşmaly bolsaňyz, kiçiräk ştatlar üçin 4–6 hepde garaşarsyňyz. (Men Bremen Ştaty üçin ylaýyk 4 hepdede aldym). Meniň şu günki aýtjaklarym şulardan ybarat. Indiki makalalarymda görüşýänçäk hoş sag boluň!

Ojarmyrat Gandymov

Pikiriňiz?