Geljegi gören romanlar

Käbir açyşlary ylmy-fantastiki žanrda eser döredýän ýazyjylar öňünden çak etdimi, ýa-da açyşlar şol eserlerden ylham alnyp döredildimi muny anyk bilmek köplenç halatda bize başardanok.

Ilki bilen Jonatan Swiftiň “Gulliweriň syýahatlary” kitabyndan gürrüňe başlamak isleýärin. Kitap 1726-njy ýylda çap edilýär. Gulliwer äpetleriň we girdenekleriň ülkesine syýahat edýär. Laputa adasyna baranda bolsa ençeme alyma duş gelýär. Şol ýerdäki astronomlar Marsyň töwereginde hereket edýän iki sany hemra hakynda gürrüň edýärler. Kitabyň ýazylanyndan 150 ýyl soňra ýagny 1877-nji ýylda hakykatdanam Marsyň töweregindäki hemralaryň üsti açylýar. Olar: Fobos we Deimos.

Meri Şelleý “Frankenşteýni” ýazan wagtlary, 1818-nji ýylda heniz organ transplantasiýasy edilmeýärdi. Bu kitabyň çykmagyndan 5 ýyl soňra, 1823-nji ýylda ilkinji gezek Germaniýada organ oturdylmasa-da, dokuma transplantasiýasy amala aşyrylyp başlandy. Organ oturtmak bolsa şondan 100 ýyl soňra mümkin boldy.

Ylmy-fantastiki žanrda eser ýazmaklykda iň meşhur ýazyjylaryň biri bolan Žul Werniň “Aýa syýahat” atly kitabynda gürrüňi edilýän “kosmos ýelkenleri” NASA tarapyndan “Halley” atly guýrukly ýyldyzy öwrenmek maksady bilen 2010-njy ýylda ýasaldy. 1889-njy ýylda çap bolan kitabynda-da birgiden açyşlardan ybarat laýyk müň ýyl soňky döwri – 2889-njy ýyly hyýal edýär. Hekaýadaky gahryman “fonotelefote” atly bir enjamyň kömegi saýasynda aýaly bilen wideo arkaly habarlaşýar. Bu häzirki wagtdaky “Skype” programmasyny ýatladýar. Kitapda adamlaryň has çalsyn geýim-gejim geýmeginde ýardam etjek “mehaniki geýdiriji” häli-häzire çenli oýlanyp tapylmady

Şeýle ýazyjylary ýatlap geçenimizde Gýugo Gernsbegi hem unutmaly däl. Onuň “Ralf 124C 41” kitabynda Gün energiýasyndan peýdalynyp başlanjanjagyny çak edendigini görmek bolýar. 67 ýyl soňra bu şeýle hem boldy. Ilkinji Gün energiýasy bilen güýçlendirilen hasaplaýjy maşynlar ulanylyp başlandy.

Kredit kartlarynyň peýda bolmagyndan 63 ýyl öň 1888-nji ýylda Edward Bellamy “Geçmişe bakyş” atly utopiki romanyny ýazýar. Romanyň gahrymany 113 ýyl uka gidip, 2000-nji ýylda oýanýar. Şonda adamlaň söwda edenlerinde nagt pulyň deregine kredit kartlaryndan peýdalanyp başlanyny görýär.

2013-nji ýylda ilkinji oturtma aýagyň ýasalmagyndan 41 ýyl öň Martin Kaidin “Saiborg” atly romanyny ýazýar. Romandaky astronawt gahrymanymyzyň uçar çaknyşygyndan soň ýitiren bir golunyň, aýagynyň we gözüniň deregine, alymlar oňa robotik aýak hem-de aýryp-dakyp bolýan kameraly göz oturdyp, ony ýarym adam, ýarym robot bolan “Saiborga” öwürýäler.

Pikiriňiz?