Gazagystan 9-njy iýundaky saýlawynda täze prezidentini saýlar

Gazagystan Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew, prezident saýlawy möhletinden ir geçiriljekdigini habar berdi.

Prezident Tokaýew halka ýüzlenip eden çykyşynda, prezident saýlawynyň möhletinden ir geçiriljekdigini nygtap “9-njy iýunda prezident saýlawynyň geçirilmegi barada karar aldym” diýdi.

Esaslandyryjy Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň saýasynda abraýly döwlet gurandyklaryny aýdan Tokaýew, “Gazagystan halkara jemgyýetçiliginde esasy rol oýnaýar. Dünýä ýurtlary Gazagystany ykrar edýär. Biz şü günki günde taryhy wakany başdan geçirýäris. Gazagystanda häkimiýet durnukly ýagdaýda konstitutsiýa laýyklykda üýtgedi. Bu hem halkara jemgyýetçiliginiň Gazagystana bolan ynamyny artdyrdy” diýdi.

Gazagystanyň demokratik ýurtdygyny we prezidentiň halk tarapyndan saýlanjakdygyny aýdan Tokaýew, “Prezident hökmünde saýlawyň aç-açan we adalatly ýagdaýda geçiriljekdigini aýdyp bilerin” diýdi.

Prezident Tokaýew çykyşyndan soň prezident saýlawynyň 9-njy iýunda geçirilmegi baradaky kararnama gol goýdy.

28 ýyl Gazagystany dolandyran Nursoltan Nazarbaýew, 19-njy martda prezidentiň ygtyýarlaryny bes etmek barada karar kabul edipdi we wezipesinden çekilipdi.

Kararnamada kanunlara laýyklykda prezidentiň ygtyýarlarynyň Tokaýewe tabşyryljakdygy nygtalypdy.

20-njy martda geçirlen kasam edişlik dabarasy bilen wagtlaýyn prezident bolan Tokaýewiň iş möhledi 2020-njy ýylda dolýar.

TRT

Pikiriňiz?