Eýrandaky sil sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Eýranyň Sud-medesina guramasynyň başlygy Ahmed Şujai, ýurdyň 31 welaýatynyň 25-sine öz täsirini ýetiren aşa ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalan adamlaryň sanynyň 76-a ýetendigini habar berdi

Ahmed Şujai, Eýranyň döwlet telewideniýesine beren beýanatynda, sil sebäpli Pars welaýatynda 23, Loristanda 14, Gülistanda 8, Mazendaran, Hemedan we Huzistan welaýatlarydna hersinde 5 jemi 15 adam, Demirgazyk Horasan we Kohgiluýe-Buýer Ahmed welaýatlarynda hersinde 3 jemi 6 adam, Ilamda 2, Horasany Rezewi, Simnan, Kirmanşah, Kum, Yspyhan, Kazwin we Zenjan welaýatlarynda hersinde 1 jemi 5 adam bolmak bilen ýurtda jemi 76 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Eýranyň 25 welaýatynda 17-nji martdan bäri täsirli bolan aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlary maddy zyýana we adam ýitgilerine sebäp boldy.

TRT

Pikiriňiz?