Eýranda 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Eýranda 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy. Ýer titremesiniň ýeriň 17 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy

Eýranyň günorta günbatarynda ýerleşýän Huzistan welaýatynyň Mesjidi Süleýman şäherinde 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Tahran uniwersitetinden berlen beýanata görä, ýerli wagt bilen 11.30-da Mesjidi Süleýman şäherinde ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň ýeriň 17 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

Ýer titremesinde ölen-ýiteniň bolup bolmandygy barada bolsa hiç hili beýanat berilmedi.

TRT

Pikiriňiz?