Eýran täze raketa öndürdi

Eýran Dezful atly gury ýerden gury ýere atylýan balistiki raketa öndürdi

Eýranyň ýaragly güýçleri müň kilometr menzile eýe bolan we Dezful atly gury ýerden gury ýere atylýan balistiki raketa öndürdi.

Eýranyň ýerasty fabriginde öndürlen balistiki raketanyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň Serkerdebaşysy Muhammed Ali Jaferi “ Ýeriň aşagynda raketa öndürýän fabrigimizi tanyşdyrmak aslynda Günbatarly ýurtlaryň gopgunlaryna berlen jogapdyr.

Embargolar we hemleler goranyş senagatymyzy ösdürmek maksadymyzdan ýüz öwürdip bilmez. Eýranyň goranyş mümkinçiligi meselesinde asla egilşik etmeris” diýdi.

Dezful raketasynyň 700 kilometr menzile eýe Zülkifar raketasyndan 300 kilometr has güýje eýedigi nygtaldy.

TRT

Pikiriňiz?