Ebru: Reňkleriň suwuň yüzündäki sazlaşygy

Ebru: Reňkleriň suwuň yüzündäki sazlaşygy – 19-njy iýunda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň bilelikde guramagynda ýetip gelýän Medeniýet we sungat işgärleriniň işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri mynasybetli türk nakgaşy Kubilaý Eralp Dinçeriň we onuň şägirdi Nilüfer Mutlunyň taýýarlan ebru eserleriniň sergisi açyldy.

Ebru – ýörite taýýarlanan suwuň üstüne dökülýän boýaglaryň kömegi bilen  döredilýän sungat eseridir. Ilkinji nusgalaryna Merkezi Aziýada duş gelinýän ebru sungaty XIII asyrda Anadola baryp ýetenden soň, türk hatdatlary we nakgaşlary Osmanlylar döwründe ony kämilleşdirip, täze usullary emele getiripdirler. Ebru sözüniň “Ebr” sözünden gelip çykyp, parsçadan terjime edilende bulut diýmegi aňladýandygy aýdylýar.

Reňkleriň tanslary

Sebäbi nakgaşyň duýgulary bilen bütinleşýän reňkleriň emele getirýän “tanslary” bulutlary ýadyňa salýar. Häzirki wagtda ebru sungaty kitaplaryň içini we daşyny bezemekde, hatdatlykda, tekstil önümçiliginde, gap-gaçlary bezemekde giňden ulanylýar. Ebru sungatynyň onuň bilen meşgullanýanlar onuň rahatlandyryjy häsiýetiniň bardygyny hem nygtaýarlar.

  – 2006-njy ýyldan bäri, Kadiköý etrabynda ýerleşýän ebru ussahanamyzda dürli önümlere ebrunyň şekilini geçirmek, ony döwrebaplaşdyrmak, höwes bildirýänlere ebru sungatyndan sapak bermek bilen meşgullanýaryn. Soňky ýyllarda internet üstünden alýan buýurmalarymyz esasynda, ebru eserlerini ýerine ýetirmekde ulanylýan boýaglary we esbaplary satmagy hem  ýola goýduk.   

Ebrunyň 20-ä golaý görnüşleri belli bolup, men esasan “Darakly ebru” görnüşini halaýaryn. Özümiň Marmara uniwersitetiniň biologiýa mugallymlaryny taýýarlaýan bölümini tamamlandygymy aýdanymda köplenç: “Ebru sungatynyň biologiýa bilen baglanyşygy ýok ahyryn?” diýen sorag bilen ýüzlenýärler.

Emma, ilkibaşda ebru dersine girip, çotgamdaky boýaglary suwuň ýüzüne ýaýradan mahalym. Ebrunyň ýyllardyr tejribehanalarda mikroskopyň aşagynda görmäge öwrenşen şekillerim bolan – janly öýjüklere meňzeýändigini görüp, haýran galypdym. Şeýle-de suwuň ýüzündäki basyşy ölçemek, reňkleriň biri-biri bilen garyşdyrylanda ýüze çykjak himiki täsirleşmelerden baş çykarmak üçin bellibir derejede fizikadan we himiýadan hem habarly bolmaly.

Ebru eserleri bilen tanyşmak isleýänleriň köpdügini nazarda tutup, daşary ýurtlarda guralýan sergilere ýygy-ýygydan gatnaşýarys. Şu günlerde hem Pekinde geçiriljek “EXPO – 2019” sergisine gatnaşmak üçin taýýarlyk görýäris. Doganlyk Türkmenistan döwletletine gelip, ebru eserleri bilen tanyşdyrmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna minnetdarlygymyzy bildirýäris diýip, Kubilaý Dinçer onuň bilen bolan söhbetdeşligimizde gürrüň berdi.

    Ýazgül KAKAGELDIÝEWA

Pikiriňiz?