Durmuş pelsepeleri

Durmuş pelsepeleri: Bizde çagalyk döwri arzuwlar, ýigitlik döwri duýgular, orta ýaşdan geçenimizde bolsa,
esasan, pikirler agdyklyk edýär.


Ynsan söýmek arkaly söýülmek mümkinçiligine eýe bolýar.


Durmuş ummanynda ýüzmäge tejribämiziň ýoklugy zerarly biz kitaplary özümize ýol-ýörelge edinýäris.


Hakykat özüniň barlygy üçin ýaşaýar.


Durmuş meniň iň ilkinji hem-de ömürlik halypam. Ýöne men onuň ilkinji ýa-da iň soňky şägirdi däl.


Wagt biziň sogabymyzy ölçeýän abzaldyr.


Tebigat bize däl-de, eýsem, biz tebigata mätäçdiris.


Durmuş Pelsepeleri: Eneler hem-de hakdan içen dörediji adamlar özleri üçin dälde, özgeler üçin ýaşaýarlar.


Tebigat biziň öýümiz. Ýöne ony hatda özümizden hem goramaklyga çalyşmaly.


Döredijiligiň dünýäsinde ýaşamak isleýän adam, ilki bilen, onuň dünýäsinde erkin dem almagy başarmaly.


Adamzadyň ygrary, iň ynandyryjy zady sözüdir.


Kitaplaryň dünýäsine giren pursatyň özüňi adaty dünýäň ýaşaýjysydygyňy unudýarsyň.


Kitap bize bakylygyň ýoluny salgy berýär.


Merdan SÄHEDOW

Edebiýat we Sungat Gazeti

Bir cevap yazın

%d blogcu bunu beğendi: