Dünýäniň iň ýaş motosiklet ýaryşyjysy

Ilkinji gezek gatnaşan Moto3 ýaryşyny birinji bolup tamamlan 15 ýaşyndaky Türkiýeli Jan Önjü dünýäniň iň ýaş motosiklet ýaryşyjysy adyny gazandy we Gränd Pri baýragyna mynasyp boldy.

Motosiklet ýaryşlarynyň janköýerlerini, sport ussatlaryny bir ýerde birleşdiren bu dünýä çempionaty Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçirildi. Jan 43 metr aralygy 6 minut 37 sekuntda geçmek bilen Skot Reddingiň birnäçe ýyllap saklap gelýän rekordyny täzeledi. Iň ezber garşydaşlary Jorj Martin bilen Jon Mc Fini yzky orunlarda galdyrmagy başardy.

Jan ekiz taýy Deniz bilen 7 ýaşlaryndan bäri ýaryşlara gatnaşmaga başlapdyrlar. Jan bilen bolan söhbetdeşlikde ol Deniz bilen türgenleşik geçmegiň, bilelikde ýaryşlara gatnaşmagyň has gyzyklydygyny aýdýar.

Özüniň 5 dil bilýändigini, şonuň üçinem daşary ýurtlardaky ýaryşlaryň dowamynda islendik adam bilen gürleşmekde hiçhili kynçylyk çekmeýändigini belleýär.

Şeýle-de üstünlige ýetmeginiň syryny diňe irginsiz zähmet çekip, yzygiderli taýýarlyk geçmeginde görýändigini aýtmagy hem ýadyndan çykarmandyr.Ýaş çempion indi öňdäki Moto2 we Moto GP ýaryşlarynda hem birinjiligi elden bermezligi maksat edinýär.

Pikiriňiz?