Dünýäniň iň uly uçary “Rok” uçdy

Dünýäniň iň uly uçary “Rok” ilkinji synagyny 150 minut dowam edip howpsyz ýagdaýda gondy.

117 metr ine eýe bolan 226 tonnalyk Rok atly uçar raketa uçurma kärhanasy Stratolaunch tarapyndan guruldy. ABŞ-niň Kaliforniýa ştatyndaky Mojave howa menzilinden ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy.

Uçaryň Stratolaunch kärhanasynyň älem giňişligi bilen bagly derňewlerinde ulanmak üçin guralan, 2 aýry göwresi, 6 sany Boeing 747 motory( dwigateli) bar.

Uçaryň ilkinji synagy 150 minut dowam etdi, ondan soň bolsa uçar howpsyz ýagdaýda gondy. 

Uçar 250 tonna ýüki daşap bilmek mümkinçiligine eýe we älem giňişligi bilen bagly derňewlerde ulanmak üçin dizaýn edilen.

Uçar, raketalary takmynan 10 km beýiklige çykaryp ol ýerden älem giňişligine uçuryp, emeli hemralaryň orbita has netijeli we howpsyz ýagdaýda daşalmagyny üpjün eder.


Pikiriňiz?