Dünýäniň iň gymmat kepderisi

Bir kepderi 1 million 252 müň ýewro satyldy

Belgiýada geçirlen auksionda bir kepderi 1 million 252 müň ýewro satyldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, internet arkaly geçirlen auksionda Armando atly flaman kepderi 1 million 252 müň ýewro satyldy.

Uzak aralykly ýaryşlarda çempion bolan 5 ýaşyndaky poçta kepderisini satyn alan Hytaýlynyň kepderini ýaryşlara gatnaşmak üçin däl eýsem neslini köpeltmek üçin satyn alandygy nygtaldy.

Belgiýada 2017-nji ýylda geçirlen başga bir auksionda poçta kepderilerinden biri 400 müň ýewro satylypdy.

TRT

Pikiriňiz?