Dünýä çempionaty-2022: Türkmenistan ikinji saýlama tapgyrdan çykyş eder

Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň AFK-nyň zolagynyň ikinji saýlama tapgyryndan bäsleşige goşular.

7-nji fewralda FIFA-nyň täzelenen reýtinginde ýygyndylaryň orunlary belli edilensoň birinji saýlama tapgyra gatnaşjak milli ýygyndylar mälim edildi.

2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň AFK zolagyndaky saýlama tapgyry dört tapgyrdan ybarat bolar. Olaryň ilkinji ikisi Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyry bilen baglanyşykly bolar.

Saýlama tapgyryň ilkinjisinde FIFA-nyň reýtinginde pes netijeleri görkezen milli ýygyndylary çykyş ederler. Ýygyndylar bije esasynda jübütlere bölünip, her jübüt özarasynda iki duşuşykdan geçirer. Olaryň ýeňijileri bolsa ikinji saýlama tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alar.

Ikinji saýlama tapgyry milli ýygyndylaryň 40-synyň gatnaşmagynda, şol sanda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda geçiriler. Bu tapgyrda ýygyndylar bäş-bäşden 8 toparça bölünerler.

Dünýä çempionatynyň birinji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 6-11-nji iýulda geçiriler. Ikinji saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna 5-nji sentýabrda badalga berler.

AFK zolagyndan dünýä çempionatynyň final bölegine ýygyndylaryň bäşisi gatnaşmaga mümkinçilik alar. Bir ýygyndy bolsa yklymarasynda geçiriljek pleý-off oýnuna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Dünýä çempionaty 2022-niň birinji saýlama tapgyryna gatnaşjak milli ýygyndylaryň sanawy: Malaýziýa, Kambodja, Makao, Laos, Butan, Mongoliýa, Guam, Bangladeş, Bruneý Darussalam, Gündogar Timor, Pakistan, Şri-Lanka.

Ikinji saýlama tapgyryna gatnaşýan milli ýygydnylar: Eýran, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Awstraliýa, Katar, BAE, Saud Arabystany, Hytaý, Yrak, Siriýa, Liwan, Özbegistan, Oman, Gyrgyz Respublikasy, Iordaniýa, Wýetnam, Palestina, Hindistan, Bahreýn, Taýland, Täjigistan, Demirgazyk Koreýa, Filippinler, Hytaý Taýpeýi, TÜRKMENISTAN, Mýanma, Gonkong, Ýemen, Owganystan, Maldiw adalary, Kuweýt, Indoneziýa, Nepal we Singapur.

Taýýarlan Parahat Ataýew

Sport synçysy.

Pikiriňiz?