Donald Tramp Ýapon Imperatory bilen duşuşdy

Donald Tramp Ýapon Imperatory bilen duşuşdy. Tramp, Imperator Naruhito bilen 1-nji maýda tagta çykmagyndan soň duşuşan ilkinji lider boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ýaponiýanyň täze imperatory Naruhito bilen duşuşdy.

4 günlük resmi sapar bilen Ýaponiýa baran Tramp, Ýapon Imperatory tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Tramp, Imperator Naruhito bilen 1-nji maýda tagta çykmagyndan soň duşuşan ilkinji lider boldy.

Kýodo habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Imperator Trampyň saparyndan hoşaldygyny belledi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Tramp hem täze Imperator bilen duşuşmakdan hoşaldygyny belledi.

İmperator Naruhito bilen bolan duşuşygyndan soň Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe bilen Akasaka köşgünde duşuşan Tramp, Abe bilen biri-birlerini ýakyndan tanaýandyklaryny nygtady.

Tramp “ABŞ bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda deňaragramsyzlygynyň üstünde işleýäris” diýdi.

Tramp, Ýaponiýanyň Premýer ministri Abe bilen Eýran meselesi hakynda hem pikir alyşandyklaryny belledi.

Abeniň “Eýran bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini” aýdan Tramp, “Eýran duşuşmak isleýän bolsa duşuşarys” diýdi.

Çeşme: TRT

Pikiriňiz?