DOGRUM DÖWRÜNDE ZENANYŇ ÖZÜNI ALYP BARMAGYNYŇ DÜZGÜNLERI

Çaganyň dünyä inmegi – her bir zenan üçin gaty jogapkär pursatlaryň biridir. Olar göwreliligiň bütin döwrüni: “Dogrum nähili geçerkä?” diýen alada bilen geçirýär. Dogrumyň kadaly geçmegi üçin geljekki ene özüni dogry alyp barmagyň düzgünlerini bilmelidir.

Çaganyň dünýä inmegi üçin özüni psihologiki taydan taýýarlamak – esasy düzgünleriň biridir.

Dogrum üç döwürden ybarat: burgy, çygylma towlary, çaga ýoldaşynyň dogulmagy. Şol döwürleriň geçişi, aýratynlygy, agyrlylygy her zenanyň beden aýratynlygyna, saglygyna bagly bolýar.

Dogrumyň birinji döwri – ýatgynyň boýunjygynyň açylmagy

Birinji döwürde burgy towlarynyň başlamagy ýatgynyň boýunjygynyň ilki gysgalmagyna, soň yatgynyň agzynyn açylmagyna getirýär. Şu döwrüň dowamlylygy uzak bolsa-da (ilkinji dogurýanlarda 12 sagada çenli, gaýtadan dogurýanlarda 8 sagada çekip biler), zenan özüni dogry alyp baran ýagdaýynda dogrumyň birinji döwri kadaly geçýändir.

Burgy towlary tutanda kömek berip biljek düzgünler

↣ Dogry dem almaga çalyş

Burgy towlary wagtynda zenanlar güýçli agyra çydamaly bolýarlar. Bu agyrylaryň wagtlaýyn bolup, biraz wagtdan aýrylyp gitjekdigini ýatda saklamalydyr. Burgy towlary wagtynda bedeniňi gowşatmagyň ýagdaýyň ýeňlemegine, ýatgynyň açylmagynyň aňsatlaşmagyna we çaga gerekli mukdarda howanyň barmagyna mümkinçilik berýär. Şonuň üçin zenan burgy towlary wagtynda bedenini gowşadyp, dogry dem almaly: dem alma ýüzleý we ýygy-ýygydan, “güjüjegiňki ýaly” bolmaly, has dogrusy burnuňdan dem alyp agzyňdan çykarmaly.

↣ Özüňe rahat ýagdaýy saýla

Köp zenanlar öz ýatlamalarynda ýöränlerinde agyrylaryndan ünsüni sowmaga kömek edendigini, käbirleri bolsa dyzyna çöküp yrananda ýeňillik bolandygyny belleýärler. Mamam, enem bilen gürrüňdeş bolamda olaryň: “Biziň döwrümizde garaja öýüň tüýnüginden daňylan ýüpden aslyşyp, çommalyp oturanymyzda agyrymyza teselli bolardy” diýenleri ýadyma düşýär. Häzirki wagtda şolar ýaly ýüpler dogrum öýlerinde ýörite zenanlar üçin gurnalan. Burgy towunyň arasynda biraz ýatyp dynç alyp bilersiňiz, ýöne uzak wagt arkanyzda ýatmadan saklanyň. Sebäbi ýatga barýan gan damarlar gysylyp, göwredäki çagada howa ýetmezçiliginiň döremegine getirip bilýär. Rahat ýagdaýlaryň ýene biri – iki eliňizi diwara diräp goýup, aýagyňyzyň arasyny egniňiziň giňliginde açyp dik durup, bir aýagyňyzdan beýleki aýagyňyza gezekleşdirip, ýanbaşyňyzy hem eýläk-beýläk edip durma ýagdaýydyr. Agyrylary ýeňletmegiň ýenede bir oňaýly usuly, fitbol – ullakan sport pokgüniň üstünde oturyp, ýeňillik bilen bökmekdir. Zerurlyk bolan ýagdaýynda, aram-aram ýanyňyzda duran suwdan içip, agzyňyzy çaýkap bilersiňiz.

↣ Owkalama

Öz-özüňi owkalamanyň ünsüňi sowmaga we agyrylaryňy ýeňletmäge täsiri bardyr. Has täsirli owkalamanyň biri – ýumrugyňy düwüp biliňi sypalamakdyr. Eliň aýasy bilen garnyň aşagyny we gasykdan garnyň gapdal taraplaryny ýeňillik bilen sypalamaly. Ýylyjak duşa girmek, suwuň akymyny biliňe, gasygyňa tarap akdyrmak we her 30 minutdan peşew etmek burgy towlarynyň agyrylaryny ýeňledýär.

Lukman dogrum golaýlanda aýala oturmak maslahat bermeýär, sebäbi kiçi çanaklygyň içindäki basyş ýokary bolup, çaganyň kellesine agram düşýär. Burgy towlarynyň arasynda zenan ýatyp, rahat dem alyp güýç toplamalydyr. Aýal her burgy towy başlanda we gutaranda sagada seredip wagt bellemelidir. Burgy towlarynyň uzaklygy artyp, arakesmesi bolsa azalsa, bu dogrumyň kadaly geçýändiginiň hem-de tiz wagtda bäbejigi dünýä indirjekdiginiň alamatydyr. Her burgy towunyň arasynda butin bedeniňizi gowşadyp öz-özüňizi ynandyryň: “Men rahat. Özümi gözegçilikde saklaýän. Meniň dem alşym dogry we rahat. Ýüzümiň we hemme ýerimiň myşsalary gowşan. Burgy towlarynyň arasynda meniň bedenim dynç alýar. Dogrum kadaly geçýär. Men çagajygymyň herekedini duýýan, tiz wagtda elime alaryn”.

Dogrumyň ikinji döwri – çaganyň dogulmagy

Bu döwür ilkinji gezek dogurýanlarda ortaça 1 sagat we gaýtadan dogurýanlarda takmynan 20 – 30 minut dowam edýär.

Çygylma towy tutanda özüňi alyp barmagyň düzgünleri

Haçan-da zenan göni içegesine basyş bolup täret edesi gelýän ýaly duýgyny aýdanda lukman oňa dogrumyň golaýlandygyny duýdurýar. Sebäbi bu duýgy çaganyn kellejiginiň ejesiniň göni içegesine tarap basyş edende emele gelýär.

Köplenç aýallar ýalňyş, ýagny aşak däl-de, ýüzüne çygylýarlar we özüne hem-de çaga zyýan ýetirýärler. Netijede, dogrum uzaga çekip, çaganyň saglygyna zeper ýetýär, aýalyň bolsa gözüniň ownuk damarlary ýarylýar, ol ýadaýar.

Dogrum wagtynda zenan aşak, ýagny täret edýän ýaly çygylmaly. Käbir halatda zenan dogrumda täret edýär. Mundan utanmaly däldir, çünki bu kadaly ýagdaýdyr we bu zenanyň dogry çygylýandygynyň alamatydyr. Çygylma wagtynda aýal hökman lukmany diňlemelidir, sebäbi ol çaganyň doglup gelýänini görýär we aýala indiki hereketi düşündirýär. Ýatan ýeriňizde, iki eliňiz bilen krowadyň gapdalyndaky ýörite tutowaçdan tutup, burgy towy tutanda siz hemme güýjüňizi, ünsüňizi jemläp, kelläňizi galdyryp, eňegiňizi döşüňize degrip, gobegiňize seredip uludan dem alyp, tä demiňiz gutarýança 3 gezek yzly-yzyna, uzak, aşak täret edýän ýaly, ýöne güýçli çygylmalydyr. Burgy towy gutaranda demiňizi rahat, ýuwaşlyk bilen almaly, sebäbi birden güýçli dem alsaňyz, çaganyň öňe süýşen kellejigini birnäçe millimetr ýene yza iterip bilersiňiz. Bu bolsa dogrumyň biraz uzaga çekmegine, özüňiziň we çagaňyzyň ýagdaýyna zyýan ýetirmegi mümkin. Soňra indiki burgy towyna garaşmaly. Dogry çygylmaga we dem alşyňy gözegçilikde saklamaga gygyrmak päsgel berýär. Burgy we çygylma towunda gygyrmak siziň diňe bar güýjüňizi alýar we agyryňyzy güýçlendirýär. Gygyrmakdan size ýeňillik döränok.

Haçan-da körpeje dünýä inende onuň ilkinji aglaýan sesini eşidersiňiz, ony siziň garnyňyza ýatyrarlar. Bu siziň we körpejaniň stressdan çykmagyna komek eder. Bäbejik özüne tanyş ejesiniň ysyny alyp rahatlanar. Bu ýagdaý daş-töweregine uýgunlaşmaga peýda berýär.

Eýýäm dogrum otagynda çaga ejäni emmäge kömek berilýär. Bu süýdüň inmegine we ýatgynyň ýygrylyp, çaga ýoldaşynyň çykmagyna kömek berýär.

Dogrumyň üçünji döwri – çaga ýoldaşynyň dogulmagy

Körpejäniň dogulmagy bilen entek dogrum tamamlananok. Çen bilen ýarym sagatdan lukman çaga ýoldaşynyň ýatgydan gopandygyny birnäçe usullaryň üsti bilen anyklar we size ýene biraz çygylmagy haýyş eder. Çaga ýoldaşy doglandan soň lukman ony barlaýar we dogrum ýollarynyň bitewliligine baha berenden soň dogrum tamamlandy diýip hasaplanylýar.

Zenanyň ýokarda bellenen dogrum döwürlerinde özüni alyp barmagyň düzgünlerini doly berjaý etmegi, dogrum bilen bagly durmuşyň ýeňil bolmadyk synagyndan geçmäge kömek eder.

 

Saglyk.org

Pikiriňiz?