Disneýlend: Uolt Disneýiň meşhur seýilgähleri

Taryha iň meşhur multiplikator hökmünde giren Uolt Disneý diňe bir düşüren multfilmleri üçin däl-de, döreden erteki ýaly ägirt uly seýilgähleri üçin hem çagalaryň söýgüsini gazandy. Häzire çenli Ýer ýüzünde meşhur multiplikatoryň adyny göterýän seýilgähleriň jemi bäşisi bar. Şol seýilgähler barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

1. Disneýlend: Anahaým
Anahaým
Disneýlend: Anahaým

Uolt Disneýiň adyny göterýän ilkinji Disneýlend 1955-nji ýylda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Anahaým şäherinde açylypdyr. Bu seýilgäh «The Walt Disney Company» kompaniýasynyň guran ilkinji seýilgähi bolup, onda Disneýiň multfilmleriniň gahrymanlarynyň ýaşaýan öýjagazlary, Ýerýüzündäki meşhur ýadygärlikleriň miniatýuralary, ulular we çagalar üçin niýetlenen attraksionlaryň 60-dan gowragy, myhmanhanalaryň, söwda merkezleriň we restoranlaryň onlarçasy ýerleşdirilendir. Disneýlendiň açyk diýlip yglan edilen pursadyndan bäri bu seýilgäh jemi 515 milliondan gowrak myhman kabul edipdir.

2. Disneýlend : Florida
 Florida
Disneýlend : Florida

«Uolt Disneýiň dünýäsi» ýa-da «Jadyly şalyk» ady bilen meşhurlyk gazanan Disneýlendleriň ýene biri ABŞ-nyň Florida ştatynda ýerleşýär. 121,7 km2 meýdany tutýan bu ajaýyp seýilgäh hakyky ertekilerdäki şäherlere meňzäp, 4 sany tematiki hem-de 2 sany suwly seýilgähi, 33 sany myhmanhanany, birnäçe golf meýdançalaryny, kafedir restoranlary özünde jemleýär. Seýilgähiň merkezinde bolsa Disneýiň animasiýasynyň nyşany bolan Zoluşkanyň köşgi ýerleşýär. Uolt Disneýiň «Jadyly şalygy» her ýylda 16 million adamy kabul etmek bilen dünýädäki iň meşhur seýilgähe öwrüldi.

3. Disneýlend : Pariž
  Pariž
Disneýlend : Pariž

Pariždäki Disneýlend Ýewropada Disneýiň kompaniýasy tarapyndan gurlan ýeke-täk seýilgähdir. Bu seýilgähiň çäkleri diametri 3 kilometre deň bolan tes-tegelek şekilde ýerleşdirilendir. Ol birnäçe myhmanhanalary, kafeleri, restoranlary, dükanlary we onlarça attraksionlary özünde jemleýär. Bu seýilgähiň merkezinde Parižiň merkezinden gaýdýan otlynyň duralgasy ýerleşýär.

4. Disneýlend : Tokio
 Tokio
Disneýlend : Tokio

Tokio aýlagynyň kenarynda ýerleşýän Disneýlend Disneý kompaniýasynyň ABŞ-nyň çäginden daşarda guran ilkinji seýilgähidir. Bu seýilgäh 1983-nji ýylda açylyp, şol ýylyň özünde 10 million myhmany kabul etdi. Her gün Tokio Disneýlendi 100 müň adamy, açylan gününden bäri bolsa jemi 300 milliondan gowrak adamy kabul edipdir. Bu ýere dynç almaga gelen myhmanlara kosmosa uçmak, Afrikanyň ýabany haýwanlarynyň arasynda gezelenç etmek, garakçylaryň arasyna düşmek, Zoluşkanyň jadyly köşgünde bolup görmek, Disneýiň gahrymanlary bilen surata düşmek ýaly gyzykly başdan geçirmeler garaşýar.

5. Disneýlend : Gonkonk
Disneýlend  Gonkonk
Disneýlend : Gonkonk

Gonkonkdaky Disneýlend Disneý kompaniýasynyň guran seýilgähleriniň iň kiçisidir. Ol 2005­nji ýylda açylyp, meýdany 27,4 gektara deňdir. Bu seýilgähe eltýän metronyň wagonlary Mikki Maus multfilmi esasynda bezelendir. Seýilgähiň içindäki derýany ýüzüp geçeniňde, Afrikanyň syrly jeňňelligine aralaşmak bolýar. Ol ýerde syýahatçylary Tarzan hem­de Moana garşy alýar. Mundan başga­da, bu ýerde hakyky skofandr geýip, Aýa gadam basmak we ýyldyzlaryň arasyna syýahat etmek mümkinçiligi bar. Bu Disneýlend beýlekilerden tapawutlylykda diňe bir Disneýiň gahrymanlary bilen däl­de, Hytaýyň milli gahrymanlary bilen hem bezelendir.

«Güneş»

Pikiriňiz?