“Autobest 2019” baýragyna mynasyp boldy


Täze Citroën Berlingo Ýewropanyň 31 döwletinden awtomobil žurnalistleriniň ses bermegi bilen, finalda 5 sany garşydaşyndan öňe saýlanyp, “2019-njy ýylyň iň gowy awtoulagy” saýlandy.


Citroën jemleýji tapgyrda 14076 utuk toplap, Pižo Rifter we Opel Kombo Life awtomobil markalary bilen birlikde ýeňiji bolmagy başardy. Bu ses berlişikde awtoulaglar durýan bahasy nazarda tutulyp hil, daşky görnüş, rahatlyk, hyzmat ediş we ätiýaçlyk şaýlaryň üpjünçiligi ýaly 13 dürli aýratynlyga görä baha berilýär.

Autobest 2019 baýragy

2018-nji ýylda ýola çykan awtomobilleriň arasyndan saýlanan 6 finalistiň biri bolmak bilen, Citroën Berlingo “Satyn alyp boljak iň amatly awtoulag” adyna we “Autobest 2019” baýragyna mynasyp görüldi.


Citroën Berlingo 1996-njy ýylda geçirilen Ženewra Awtomobil sergisinde köpçülige ilkinji gezek tanyşdyrylypdy. Şondan bäri, 2002-nji ýylda C3, 2018-nji ýylda C3 Aircross görnüşleri bilen öňem 2 gezek şeýle baýraklar bilen sylaglandyrylypdy.

Pikiriňiz?