Chupa Chups barada

«Chupa Chups» barada: Taýajyga berkidilen süýjüjigiň önümçiligi baradaky pikir ilkinji bolup ispaniýaly Enrike Bernatda döreýär. Ol çagalaryň süýjini soranda, onuň kiçelendigini görmek üçin ellerine alýandygyna, soňra bolsa şireli elleri bilen üsti-­başyny hapalaýandygyna üns beripdir.

Egin­-eşiklerini şire edýändikleri üçin ene-­atalar çagalara süýji alyp bermekden saklanypdyrlar. Ýüze çykan meseläniň çözgüdini tapan Enrike Bernat şol döwürde marmelad öndürýän kärhanada işleýär eken. Ol kärdeşlerine çagalaryň elleri şire bolmaz ýaly taýajyklara berkidilen süýjüjikleri öndürmegi teklip edipdir emma hiç kim onuň teklibini goldamandyr. Şondan soň, Enrike Bernat işleýän kärhanasyny tutuşlygyna satyn alypdyr.

Ol futbolyň janköýeri bolandygy sebäpli, süýjini top ýaly togalak şekilde öndüripdir we ony «Gol» diýip atlandyrypdyr. Telewideniýede we radiolarda berilýän mahabat aýdymynda «Chupa, chupa, chupa chups» diýlip gaýtalanýan aýdym çagalaryň aňyna düýpli ornaşypdyr.

Şonuň üçin­de, çagalar dükanlara baryp, bu süýjini alanlarynda ony «Chupa Chups» diýip atlandyrýan ekenler. Şol sebäpden hem kompaniýa bu süýjiniň «Gol» diýen adyny «Chupa Chups» diýip üýtgetmäge mejbur bolupdyr. «Chupa Chups» sözi ispançadan terjime edilende, «sormak» diýmegi aňladýar.

Çagalaryň çuňňur söýgüsini gazanan süýjiniň resmi şekili (logotipi) sary güljagazyň şekiliniň içinde gyzyl reňk bilen «Chupa Chups» diýen ýazgydan ybaratdyr. Bu şekili 1961­nji ýylda Enrike Bernatyň haýyşy boýunça meşhur suratkeş Salwador Dali bir sagadyň içinde oýlap tapypdyr.

«Chupa Chups» kompaniýasy özüniň 50 ýyllyk ýubileýine bagyşlap, dünýädäki äpet süýjini öndürdi. Ol «Chupa Chups Mega» diýlip atlandyrylyp, onuň agramy 6 tonna, diametri bolsa 7 metre ýetýär.

«Güneş»

Pikiriňiz?