Bütindünýä Ykdysadyýet Forumy ertir öz işine başlar

Bütindünýä Ykdysadyýet Forumynyň şu ýylky maslahatlary 22-25-nji ýanwar aralygynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçiriler

Dünýäniň tanymal syýasy we işewür adamlarynyň gatnaşmagyndaky Forumy “Globallaşma: Dördünji senagatlaşma ynkylaby zamanasynda global gurluşy ugrukdyrmak” temasy bilen başlar.

Şu ýyl 49-njysy geçiriljek maslahata 110 ýurtdan 3 müňden gowrak işewür adamy, syýasatçy, alym we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşar.

Wagtlaýyn býujet düşnüşmezligi sebäpli federal hökümetiň ýapylmagy sebäpli Dawosdaky maslahata gatnaşmajakdygyny beýan eden ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem maslahata gatnaşmaz.

TRT

Pikiriňiz?