Bütindünýä Banky Özbegistana 200 million dollar karz berer

Bütindünýä Banky Özbegistanyň gündogaryndaky Fergana jülgesinde potratçylygyň ösdürilmegi üçin 200 million dollar kredit berer

Bütindünýä Bankynyň Özbegistandaky wekilhanasyndan berilen beýanata görä, Bütindünýä Bankynyň direktoraty, Özbegistanyň Fergana, Namangan we Andijan şäherleriniň obalyk ýerlerinde telekeçiligiň goldanmagy üçin 200 million dollarlyk kreditiň bölünip aýrylmagyny tassyklady.

Taslamanyň çäginde, obalyk ýerlerdäki kärhanalaryň gymmatlyklarynyň kesgitlenmegine we önümleriniň şäherlerdäki bazarlara çykarylmagyna goldaw beriler.

Mundan başgada oba hojalyk, azyk, sungat eserleriniň önümçiligi we syýahatçylyk pudagy ýaly ugurlarda kiçi kärhanalaryň ösmegine goldaw beriler. Sebitdäki 20 müň adamyň iş bilen üpjün edilmegine garaşylýar.

1995-nji ýylda Bütindünýä Banka agza bolan Özbegistana, bank tarapyndan şu günki güne çenli takmynan 4 milliard dollarlyk kredit berildi.

TRT

Pikiriňiz?

%d bloggers like this: