Burundiniň paýtagty üýtgedi

Afrika ýurdy bolan Burundiniň täze syýasy paýtagty Gitega bolar, Budžumbura bolsa ykdysady paýtagt hökmünde galar
Ýurdyň Döwlet başlygy Pierre Nkurunzizanyň metbugat geňeşçisi Žan-Klod Karerwa Ndenzako, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Ministreler kabinetiniň täze ýyldan başlap Gitegany syýas paýtagt hökmünde kabul edýän karary kabul edendigini mälim etdi. 
Budžumburanyň ykdysady paýtagt bolmagyny dowam etdirjekdigini aýdan Ndenzako, 2019-njy ýylyň başyndan başlap Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatynyň Gitegada geçiriljekdigini, ilkinji etapda 5 ministrligiň Gitega göçüriljekdigini habar berdi. 

TRT

Pikiriňiz?