Bruneý: Seýil edeliň bu jahana

  • Resmi ady: Bruneý — Darussalam döwleti.
  • Paýtagty: Bandar — Seri — Begawan.
  • Döwlet dili: Malaý dili.
  • Ilaty: 401, 890 (Dünýäde 174­-nji orunda).
  • Umumy meýdany: 5 765 km2 (Dünýäde 163-­nji orunda).
  • Pulbirligi: Bruneý dollary (BND).
  • Iri şäherleri: Bandar — Seri — Begawan.
  • Garaşsyzlygy alan senesi: 1984­-nji ýylyň 1­-nji ýanwary (Beýik Britaniýadan).

Adynyň gelip çykyşy. Bruneý 1363­-nji ýylda Awang Alak Betatar tarapyndan esaslan dyrylýar. Ol Bruneýiň ilkinji soltany bolup, Muhammet şa ady bilen tanalypdyr. Rowaýata görä, syýahatyň dowamynda Awang Alak Betatar öň mälim bolmadyk derýanyň guýýan ýeriniň üstünden barypdyr we «Baru nah!» diýip gygyrypdyr (Bu söz «şu ýerde» diýlip, terjime edilýär). Onuň netijesinde derýanyň, soňra bolsa soltanlygyň ady gelip çykypdyr. Aýdylyşyna görä, wagtyň geçmegi bilen sanskrit dilindäki «warun» («Umman» ýa­da «Ummanyň hökümdary» diýmegi aňladýar) sözüniň täsiri netijesinde, bu at «Barunai» sözüne öwrülipdir diýlip çaklanylýar.

Geografiýasy

Bruneý günorta-gündogar Aziýada, Kalimantan adasynyň demirgazyk günbatar kenarynda ýerleşip, Malaýziýanyň territoriýasynyň 30 km aralygy bilen bölünen iki sany aýratyn bölekden ybarat. Ýurtda iri köller we derýalar ýokdur. Bruneý, Tudong, Temburong, Belaýt derýalary ýurduň günorta böleginden demirgazyk bölegine we günorta — Hytaý deňzine akýar. Bruneýde ýylyň dowamynda howanyň temperaturasy +26 °C töweregidir. Ýurduň 75% territoriýasy çygly tropiki tokaýlardan ybaratdyr.

Sporty

Milli sport oýunlar bilen bir hatarda, Bruneýde futbol, tennis, badminton, golf, stol tennis, otuň üstünde oýnalýan hokkeý, suwda ýüzmek, ýeňil atletika, bouling ýaly görnüşler hem has meşhurdyr. 1987­-nji ýyldan bäri her ýylyň 23­-nji iýunynda 2 km­-den 10 km­-a çenli köpçülikleýin ylgaw ýaryşlary geçirilýär. 1993­-nji ýyldan bäri, iki ýylda bir gezek milli Spartakiada ýaryşlary geçirilýär. Ol Aziýa we Günorta – Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasynda geçirilýän ýaryşlara ýygy­-ýygydan gatnaşýar.

Ösümlik we haýwanat dünýäsi

Bruneýiň 75%­-ni tropiki jeňňellikler we baglyklar tutýar. Bu ýerde ösümlikleriň diýseň köp görnüşleri bar. Ýurduň haýwanat dünýäsinde gemrijileriň, ýylanlaryň, iç ýanlaryň köp sanly görnüşlerine duş gelmek bolýar.

Gezelenç üçin gyzykly ýerleri

«Tasek Lama Recreational Park» seýilgähi paýtagt şäheriň merkezinde ýerleşýär. Seýilgähiň meýdany ekologik taýdan arassa hasaplanylyp, ol ýere awtoulaglar goýberilmeýär. Bu ýer çagalaryň dynç almagy we wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin iň amatly ýerdir. Seýilgähde bir näçe attraksionlar, sport bilen meşgullanmak üçin meýdan çalar we dynçalyş ýerleri bar.

Tutongda ýerleşýän «Jerudong Park» tebigy seýilgähi hem syýahatçylaryň iň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Ekosyýahat bilen meşgullanmak üçin tropiki jeňňellikde ýerleşýän «Temburong National Park» milli seýilgähi hem syýahatçylaryň arasynda has meşhurdyr.

Bruneý: Royal Regalia Museum

«Royal Regalia Museum» Bruneýiň baý muzeýidir. Bu ýerde ýurduň taryhyna we etnografiýasyna degişli ýadygärlikler däl-de, eýsem patyşa maşgalasyna degişli we olara sowgat berlen gymmat bahaly zatlar (tagt, geýim-gejim, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen gylyçlar we ş.m.) ýerleş dirilendir.

Bruneý: Kampong Ayer

«Kampong Ayer» — suwuň üstünde duran gadymy ýaşaýyş toplumy. Ol malaý dilinden terjime edilende, «Suwda duran oba» diýen manyny berýär. Bruneýiň ilaty bu ýere «Gündogar Wenesiýasy» hem diýýärler. Onda syýahatçylara gaýykda obanyň daşyndan aýlanmaga mümkinçilk döredilendir.

BRUNEÝ BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR:

  • Berilýän maglumatlara görä, Bruneý Aziýa yklymynyň iň baý döwletleriniň biri hasaplanylýar.
  • Bu ýerde ilat üçin medisina we bilim tölegsizdir.
  • Bruneýde temmäki we alkogol içgilerini satmak gadagan.
  • Bruneýiň milli puly plastikden ýasalýar.

Döwletmyrat RAHIMOW

«Güneş»

One thought on “Bruneý: Seýil edeliň bu jahana

Pikiriňiz?