“British Airways” uçary ýalňyş şähere gondy

Britaniýanyň “British Airways” awiakompaniýasynyň uçary Germaniýanyň Dýusseldorf şäherine gitmegiň ýerine ýalňyşlyk bilen Şotlandiýanyň paýtagty Edinburgha gondy

Britaniýanyň paýtagty London aýraportyndan uçan uçar, pilota ýalňyş maglumat berilmegi sebäpli Germaniýanyň Dýusseldorf şäherine gitmegiň ýerine Şotlandiýanyň paýtagty Edinburgha gitdi.

Ýalňyşlygy uçarmanyň Edinburga golaýlandyklaryny habar bermeginden soň öwrenen ýolagçylar, ýangyç alyp we 2 sagat 30 minut garaşansoň, 800 kilometr uzaklykdaky Dýusseldorf şäherine tarap ýola düşdiler.

Howaýollaryndan berilen beýannamada, “British Airwaysyň” adyndan uçuşy amala aşyran “WDL Aviation ” firmasy bilen ýalňyşlygyň sebäbini anyklamak üçin işleşilýändigi barada habar berildi.

“WDL Aviation ” firmasy bolsa ýalňyşlygyň sebäbini anyklamaga synanşýandyklaryny beýan etdi.

Jogapkärler bolsa, pilotlaryň ýalnyşlygy bolmandygyny, diňe onlara berilen yalnyş uçuş planyny yzarlandygyny bildirdiler.


Ýolagçylardan Sophie Cooke BBC bilen söhbetinde bolsa, Edinburgha golaýlandyklary baradaky duýduryşy ilki bilen pilotyň oýunu diýip pikir edendiklerini aýtdy


Pikiriňiz?

%d bloggers like this: