Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şweýsariýanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyna isleg bildirdiler. Mundan başga-da, Russiýadan, Pakistandan, Owganystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplük, hojalyk pamygy, portlandsement, reňksiz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 36 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine kanadaly işewürler bahasy 3 million manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 184 müň manatlykdan gowrak pagta lintini we pagta galyndysyny satyn aldylar.

Pikiriňiz?