Aziýa Kubogy-2019 – petekleriň bahasy mälim boldy

Aziýa Kubogy-2019 – petekleriň bahasy mälim boldy
AFK-nyň resmi saýtynda habar berlişine görä, “Aziýa Kubogy-2019”-yň petekleriniň satuwy 30-njy iýulda başlanar — diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (tff.com.tm) habar berýär.
Bu barada ýaryşy guraýjylaryň Kuala-Lumpurda geçiren ýygnanyşygynda mälim edildi. Bilşiňiz ýaly, “Aziýa Kubogy-2019” yklym ýaryşy 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary-1-nji fewraly aralygynda BAE-de geçiriler.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogynyň final böleginde “F” toparçada Ýaponiýanyň, Özbegistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bilen toparçadan çykmak ugrunda bäsleşer.
Petekleriň bahalary her tapgyrda üç derejä bölünen:
Toparçalaýyn tapgyr:

3-nji dereje: 25 dirhem (6,75 $);

2-nji dereje: 50 dirhem (13,5 $ );

1-nji dereje: 75 dirhem (20,25 $).

1/4 final
3-nji dereje: 50 dirhem (13,5 $ );
2-nji dereje: 75 dirhem (20,25 $) ;
1-nji dereje: 150 dirhem (40,5 $ ).

Ýarymfinal
3-nji dereje: 50 dirhem (13,5 $ );
2-nji dereje: 75 dirhem (20,25 $ );
1-nji dereje: 150 dirhem (40,5 $ ).

Final
3-nji dereje: 75 dirhem (20,25 $);
2-nji dereje: 150 dirhem (40,5 $ );
1-nji dereje: 300 dirhem (81 $ ).

 

Çeşme:    turkmenportal.com

Pikiriňiz?