Alp daglarynda garyň aşagynda galan çaga halas edildi

Alp daglarynyň Fransiýadaky böleginde 12 ýaşyndaky bir çaga, garly harsaňyň aşagynda 40 minut galanyndan soň halas edildi

Ýurdyň günorta-gündogaryndaky Kurşewelde, La Plagne lyža merkezinde başdan geçirilen wakada, maşgalasy bilen bilelikde typan bir çaga typyş zolagynyň daşyna çykdy we aşak gaýdyp barýan garly harsaňyň aşagynda galdy. 

Halas ediji toparlaryň şol bada herekete geçmegi bilen Polisiýa gullugyna degişli it çaganyň ýerini gysga wagtda anyklady we görkezdi. 

Aýagy döwülen çaga bejergi edilmek üçin Grenobldaky hassahana gönükdirildi. 

Garly harsaňyň aşagynda galan adamlar umuman alynanda 15 minut ýaşap bilýärler.  

TRT

Pikiriňiz?