ABŞ-nyň Döwlet sekretary Alžiriň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Alžiriň Daşary işler ministri Abdulkadir Messahel bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Waşingtonda geçirlen “ABŞ-Alžir 4-nji strategik dialog” maslahatynyň çäginde geçirlen duşuşyk hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar, sebitara durnuklylyk we DAIŞ ýaly terror guramalaryna garşy hyzmatdaşlyk meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Duşuşykda erkin söwdanyň artdyrylmagy, iki ýurduň arasynda bilim we medeniýet taýdan edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesiniň hem gün tertibine getirlendigi bellenildi.

TRT

Pikiriňiz?